RealMusic
1 год 12 месяцев

09. Zumer, Aragon - Gecher Bu Zaman (Simurg EP)

3:14
28 46%
Жанр
Рэп
Жанр
Рэп
Теги
Лицензия
Над треком работали
Zumer, Aragon
Автор музыки
Zumer, Aragon
Автор текста
Zumer, Aragon
Исполнитель
Zumer, Aragon
Альбом
Simurg EP ( Darkroom Posse Compilation Album Vol.2 )
Студия
General Recordz
Текст
Zumer: Meni ýadadar ýollar, ýollar!

(Zumer)
Gitdik, ýollary söküp, ýitdik,
Haram, halaly doly bilmänkäk,
Kim dost? Kim duşman bilmänkäk,
Eser goýup gideli ölmänkäk,
Bulaşar dilimize aýdymlar,
Daşyma geçer ýene gaýgylar,
Menäm ýene uzaga oklap unudarlar,
Geçer eýle ýa-da beýle bu ýyllar.
Doladym menem ýene unutmak üçin bir salym,
Jübimde bir telefon we arasynda jaň ediň maňa-da,
Halymy soran ýok,
Aňyrda ýalňyzlykdan agry bar garynda,
Galdyk biz gyrada.
Gijeler gysga bu günler,
Käde hiňlenip, aýdym aýdasym geler,
Käde däldiräp, sögesim geler,
Käde özümi atyp, dünýäden dynasym geler,
Aýdymlarym küftüme müner gider.

(Gaýtalamak x2) (Zumer)
Elbet geçer bu zaman,
Men ýene ýaman,
Men ýene daman setire,
Men ýene ýazan.
Ýakdyk bu güni unudyp, ýakdyk,
Dertleri asmanda zyňyp, biz gaýtdyk!

(Aragon)
Garaladym adyňy, tanamadym ýadymy,
Ýöne meniň üstüme geliberseň, ýumman,
Ýumşaklyk bilen diýseň, eşderin “Güm bol”
Ýokmy maňa diýjek “Aglama gul”
Bagryma ur.

(Köpri vocal) (Zumer)
Ýakaly, bu güni unudyp, ýakaly.

(Aragon)
Aga dola maňa ýene derman derdime,
Soramady bizden perman berdi le!
Gözledim özümi,
-Men şu ýerdemi? Asmandamy ýa ýerdemi?
Agyr-agyr alýan her demi,
Kimde jogaplar? Görkeziň baraýyn ýanyna,
Bular iki, haýsynda?
Köründe gözlük ýa-da kerdemi?
Olam meni ýykjak bolup, özi taýdy akmak,
Üstümizde bulut gaýdy,
Bedenim bärde, Aragon bilen başy kaýda?

(Köpri vocal) (Zumer)
Çäre ýokmy aýt?!
Enem men bärde sag,
Salamym aýt!
Salamym aýt!

(Aragon)
Men etdim, senem etme!
Rap etdim, senem etme!
“Let be a beat”-diýmekden ýadamaz dilim meniň bilýäň!
Gözümden ýit,
Başa-baş galjak özüm bilen, ýanymdan git,
Ýadymdan ýit! (Git)

(Gaýtalamak x2) (Zumer)
Elbet geçer bu zaman,
Men ýene ýaman,
Men ýene daman setire,
Men ýene ýazan.
Ýakdyk bu güni unudyp, ýakdyk,
Dertleri asmanda zyňyp, biz gaýtdyk!