RealMusic
1 год 12 месяцев

08. Zumer, Vagrant - Chagyl Dashlary (Simurg EP)

3:19
29 46%
Жанр
Рэп
Жанр
Рэп
Теги
Лицензия
Над треком работали
Zumer, Vagrant
Автор музыки
Zumer, Vagrant
Автор текста
Zumer, Vagrant
Исполнитель
Zumer, Vagrant
Альбом
Simurg EP ( Darkroom Posse Compilation Album Vol.2 )
Студия
General Recordz
Текст
Zumer: Bardy waka, kirlendi ýaka, çagyl daşlarynda.

(Zumer)
Köçe bu, süýtdeş doganyň ýaly raýon bu,
Köwülse ýollaram şol öňkilikde dur,
Göt ýapylsa-da, arka-arka seret, ýyldyzly,
Doganjyk soňky wagt köpeldi wyzzyldy,
Haçan bu paý bölündi?
Süýji durmuş üçin bu ýolda ölündi,
Topraga giden bu her beden bir iým,
Günäler onça laýyk däl, ýöne soňy…
Daşarsy aýlagly tikenli sim,
Sowuk daşlar arasynda terbiýe,
Örülen durmuşyň kerpiçi, owranyp dökülýär ýerlere,
Galjak diňe çişen gözlerden akýan ýaş enelere,
“Dur men çaý demläýin”-diýýär, üsti çyzylan,
Gürrüňler içinde sany näbelli çilim bu ýakylan,
Ol kenarda atlar lakamly tutulan,
Olar diýýär: “Biz dogulyp durmuşa 1-0 eýýäm utulan”
Olar eýýäm kabullanan,
Jennet bar diýýär ol ýoldan gutulan,
Menem çagyl daşlarynda meňzetdim, köçämden synlap,
Gum içinde basylyp gitselerem, galdy atlary olaryň ýyllap!

(Vagrant)
“Pulam ýok, gulam ýok”-diýer, baýap,
Garyp bolan sanawly adamlar,
Wagtynda sadakasyz meslige batanlar,
Aglap oturan ýüzlere, güler ýüzler,
Bir döwüm çörege gysylyp, oýnap, gülenler,
Başga alaç ýok, ýaraly göwünler,
Bu setirler göwnümiň tüwelesi,
Bu dünýä ýalandyr, synagyň meselesi,
Öňüňe seretmäň, bendeleriň ýykylmasy,
Ýene-de gal aýaga, eý adamogly,
Gaýratyňy ýitirme ýene taparsyň ýoly,
Agyr günler öňüňde ýene doly,
Hyýallaryň bilýän bir gün saňa-da geler,
Çekersiň senem goly,
Ýollaryň haramy, ýollaryň halaly,
Umydyňy ýitirme tapýançaň halalja nanyňy!