RealMusic
1 год 12 месяцев

05. Zumer, Aragon, Militan - Pelek (Simurg EP)

4:07
26 49%
Жанр
Рэп
Жанр
Рэп
Теги
Лицензия
Над треком работали
Zumer, Aragon, Militan
Автор музыки
Zumer, Aragon, Militan
Автор текста
Zumer, Aragon, Militan
Исполнитель
Zumer, Aragon, Militan
Альбом
Simurg EP ( Darkroom Posse Compilation Album Vol.2 )
Студия
General Recordz
Текст
(Zumer)
Kime söýgi, kime öwgi?
Hiçkim görenok ertiri,
Her gelşinde gelýär beteri,
Görenlerim ýeterli, eller depderli.
Ajylarda süýjileri gözleýäs bly*,
Ýöreýäs kän,
Çagalyk yşklarym bireýýäm sönen,
Saňa hat ýazýançam durmuş naharym köýen,
Şol küýselip durulanam öýüm,
Galýanam bir ynanjagym iki gözüm,
Hiç zada mugt ýok, bir gün hökmän tölemeli,
Ýaşalanok ýaşlaram dökmän, dogan ýöremeli. (Ýöremeli)
Ýaşalanok ýaşlaram dökmän, dogan ýöremeli. (Ýöremeli)

(Gaýtalamak) (Zumer)
Dökülip ýatan durmuşyň süýjileri bolsa,
Gidip toplasak,
Bolsa gidip alsak,
Dökülip ýatan durmuşyň süýjileri bolsa,
Gidip alsak dogan. (Dogan)

(Aragon)
Öwülip biz begenýäs,
Döwülip gelen ýas,
Goldanýas,
Ýene geçmişe islemesekde ýeňip bilmän dolanýas,
Ýene pallaýas,
Ýeke bolsa gabaýas,
Soňky demimde şuwagt seniň bilen diýip aldaýas,
Kim biz? Jogabyny bilýäs,
Ýöne kim siz?
Degmän ýene ýykylar bu göwün kimsesiz,
Ýene içim sessiz.
Eý ýeller ýene maňa ters siz.
Haý ALLAH, diýers biz haýallap,
Ýöresekde aman barýas, hyýallap,
Maýyllap ugrady aralar,
Çöregiňi taýynlap berýän tamdyram ýok indi,
Daýowlar aryň almaz hak bolmasaň,
Duruber saýrap,
Her tüýsli gaparlar daýrarap,
Durmuşmyş, howwa maýyrar,
Köp zat sadakadyr haýryna.

(Gaýtalamak) (Zumer)
Dökülip ýatan durmuşyň süýjileri bolsa,
Gidip toplasak,
Bolsa gidip alsak,
Dökülip ýatan durmuşyň süýjileri bolsa,
Gidip alsak dogan. (Dogan)

(Militan)
Durmuş, inçelen ýeriňden gop,
Meni görýäň halymam ýok,
Dökülip ýatan durmuşyň süýjisi bolsa-da gidip toplasak,
El uzadanok pelek bähbidi bolmasa,
“Ýykylanyň dosty ýok”- diýseler ynanma inim,
Bu gün asmanda bulut bolsa-da,
Ýyldyzlar sönük däl,
Güneşli ertire ýöremeli,
Görüldi, görülmeli.
Pikirlerim ýylaltdy sowuk közleri,
Dogry gürlän, günäli we gözlegli,
Şonuň üçin hem soraglara jogap, ýeriň aşagynda gizlin,
Kimilerini getirdi dyza durmuş dertleri,
Ýöne ýykyp bolanok,
Ýöne ýykyp bolanok hakyky mertleri.

(Gaýtalamak) (Zumer)
Dökülip ýatan durmuşyň süýjileri bolsa,
Gidip toplasak,
Bolsa gidip alsak,
Dökülip ýatan durmuşyň süýjileri bolsa,
Gidip alsak dogan. (Dogan)