RealMusic
1 год 12 месяцев

04. Aragon, Zumer, Godek ( Rude ) - Gara Gysh (Simurg EP)

4:21
42 45%
Жанр
Рэп
Жанр
Рэп
Теги
Лицензия
Над треком работали
Aragon, Zumer, Godek ( Rude )
Автор музыки
Aragon, Zumer, Godek ( Rude )
Автор текста
Aragon, Zumer, Godek ( Rude )
Исполнитель
Aragon, Zumer, Godek ( Rude )
Альбом
Simurg EP ( Darkroom Posse Compilation Album Vol.2 )
Студия
General Recordz
Текст
(Aragon)
Häzir durmuşymda gara gyş,
Köp bolmasa-da, köpleri men görmüşem,
Şeýleräk oýun bu gardaş,
Ýok gaty görmeşek,
Görüpligiň geçenokmy häzirem? Ol ýaraňa ýap peşew,
Barsy gelmişek dagdan, kowjak bolar, biz otyrys bagda ýelmeşip,
Ýelmeşer pamyklar ýarama.
Öwrenşer hemme, şol sebäpli beňleşer neşe,
Gupba gyza, mertlik erkege gelşer,
Indi merde deňleşer, gorkup duşman bilen dost bolan,
Gelmez hiçkim geňeşe, ertesi asyl toý bar sebäbi.
Gözümde Ýahudiler haýwan bilen deňleşer.
Adalat nirde? Köp wagtdyr göremok,
Hat ýazypdyr: “Indi ol dünýäde görüşeris…”
Säginýän käde,
Ynanma olara, ynansaň bu tolkunlar seni jehenneme çenli äkider,
Sylagsyz itçe bolmaz, süňk gäder,
Malyňda gözi bolan gurt kändir,
Ýüzi güler etjegi ýaman päldir,
Babaň ýoljagy turp däldir onda,
Bir Musulman imany sakal ýa-da murt däldir,
Beat kändir ýazjak bolsaň,
Gelene sowuk bärler.
Bitin bir döwük mysaly pikirlem, uzar gider oýlansam,
Uky gelmez, soňra toplap bolmaz eden zyýanlarym, zeperlem
Toparlan gije ýary ýola çykýas,
Depderimde bolsa ýazan sahypalarym goparlan.
Dek gezdirmez hakykat, hakykady bilene,
Bilýän bir hakykat, olam, janym harç bolsun saňa bil enem.
Her gapynyň arkasynda, meniň arkamdan gürlenen,
Bu günlerim serhoş gezip geçiren,
Köçeden-köçä, şaýat bu köçeler,
Bir ýalany tutup gömdük, gelmiş ajaly,
Ynjalyp gitdi köňlüm köşeşdi,
Bu günlerim serhoş hem-de ganjaly,
Käşgä dertlerede bolsa öňüni alyş sanjymy,
Ynanjak diýseler “Bu durmuş süýji” sözi güýjine,
Bu gije gitjek görünmänjek gizlinje,
Diýdim: Atmaly bije,
Diýdim: Galyşma tijen,
Sözlerim berdiň hiçe,
Giň ýollaram görünýär inçe indi saňa, nätjek, özüň berdiň kararyň,
Sahypamdan ýaşlyk gider garraryn,
Darakda saçy galar daranyň,
Degme abat gezsin bu daglaryň maraly,
Gerek däl söweş, söweşden göwni bitmez ýaraly,
Iň akylly samsyk mysaly, köpbilmişler üýşipdir,
Iki egnim hemraly dost, biri haýyr, beýlekide şer ýaly,
Türkmenbaşym deňiz hem-de derýaly,
Ýöri doganjyk turaly onda öýe tarap ýöräli!

(Zumer)
Diýdiler:
-Bulanýar her tarap, senem seç tarap
-Sagbol men Bitarap.
Ýalanlar geçdi daşymy sarap,
Menem ýalandan gaçdym,
Deşildi jorap, pyýada ýöräp,
Getirdim rapy orap,
Bagdady tapdyk sorap,
Bu döwür göwün üçinem kele ýok darak,
Saçakda bir arak bilen çözüldi ara,
Näme edýän sen ara?
Her göwünde tapylýar ýara,
Gapylar ýok gabyr gara,
Gelme biz ýok,
Bizar bolan ýapyşýar sabyrlara,
Her görülenem girmese bu akyllara,
Uzakdan ýakynlara, ýollar dakylar,
Jynlara ýalbarar, pal bakylar, haklar jehennemde ýakylar,
Bu gün dost, ertir satylar,
Agryň tutsa ýatylar,
Ýatlap biz ýazdyk hatlary, doldy ýatlar,
Bilýän ýene barlamadyň,
Poçtaňdan dökülýär hatlar (Dökülýär).

(Gödek / Rude)
Aýtjak sözüň aýtda dyn, soň arkamdan gep galdyrma
Maňa arka dönseň dön, soňra maňa ar aldyrma
Seni gözlemäge wagtym ýok
Gözlere-de perde asygly, aýna arkasyn göremok
Gidenler gitdi eýýäm, pikirim gaýdyp gelmez indi
Ýaman we ýalan közde ýörär ýagny hindi
Burunlarda eremeýän ak gar
Kyýamat güni ýakyn, seret näçe alamat bar!
Bu ton, ton betondan,
Jeňňelde möjek bolup ýaşa ýa-da syrtlan bol seň eliňde
Seň içiňde gorky ýa-da batyrlyk,
Özüňi tap, bolmasa söýgi ýaly satylyk
Köçäň sowuk duýgusyndan duý
Hany many tap gowy günler üçin guý
Dünýä daşary ýurtdaky fastfood-da ýaly ýok tagam
Maňa inim diýjek ýeke agam!